Golden Joystick Awards 2024 oýun baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

25.11.2024, 12:504,836

Golden Joystick Awards 2024 baýragynyň guramaçylary ýeňijileri  yglan etdiler. Dünýäniň dürli künjeginden oýunçylar ýylyň oýnuny, şeýle-de dürli kategoriýalarda baýragyň eýelerini saýladylar. Şu ýyl baş baýragy alan oýun Black Myth: Wukong boldy.

Ses bermäge 12 milliondan gowrak oýunçy gatnaşdy.
Beýleki kategoriýalarda esasy ýeňijiler:

  • ·PK-da iň gowy oýunSatisfactory
  • ·Konsollarda iň gowy oýun: Helldivers 2
  • ·Iň gowy beýan ediş: Final Fantasy VII Rebirth
  • ·Köp oýunçylaryň gatnaşmagynda iň gowy oýun: Helldivers 2
  • ·Iň gowy indi: Balatro
  • ·Iň gowy saundtrek: Final Fantasy VII Rebirth
  • ·Iň köp garaşylýan oýun: GTA VI

Ýylyň öňegidişligi Balatro boldy, “Tankytçylaryň saýlawy” baýragyny Helldivers 2 aldy. Iň gowy oýun gurluşy Steam Deck OLED boldy.
Golden Joystick Awards oýun pudagynda esasy baýraklaryň biri bolmagynda galýar. Bu baýrak oýun jemgyýetiniň özi tarapyndan saýlanan taslamalary ykrar edýändigi bilen tapawutlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.