Dünýäde iň güýçli pasportlaryň reýtingi düzüldi

02.12.2024, 09:2729,531

VisaGuide Passport Index taslamasy dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň reýtingini neşir etdi.

Reýting düzülende, esasan, dünýäniň dürli ýurtlaryna wizasyz syýahat etmek mümkinçiliginiň bolmagyndan ugur alyndy.
Hünärmenler wizasyz giriş, barandan soň wiza, elektron wiza we global hereketiň beýleki taraplaryna baha berdiler.
2024-nji ýylda rekord 91,27 bal bilen Singapuryň pasporty birinji ýeri eýeledi. Singapuryň raýatlary wizasyz dünýäniň 160 ýurduna syýahat edip bilýärler.
Iň güýçli pasportlaryň sanawyna giren ilkinji 10-luk:

  1. Singapur - 91,27,
  2. Ispaniýa – 90,60,
  3. Italiýa – 90,58,
  4. Fransiýa – 90,53,
  5. Wengriýa – 90,28,
  6. Germaniýa - 90,27,
  7. Portugaliýa - 90,26,
  8. Şweýsariýa – 90,23,
  9. Awstriýa – 90,18,
  10. Irlandiýa – 90, 13.

Iň gowşak pasport 8,15 bal bilen Somaliniň raýatlarynyň pasporty boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.