"Brain rot" aňlatmasy Oksford sözlüginiň wersiýasy boýunça ýylyň sözi boldy

03.12.2024, 10:591,641

Oksford sözlügi "Brain rot" aňlatmasyny 2024-nji ýylyň sözi diýip yglan etdi. Bu aňlatma onlaýn mazmunyň akyl işine edýän täsiri baradaky çekişmelerde meşhur boldy. Bu barada uniwersitet neşirýatynyň Oxford University Press metbugat gullugy habar berdi.

“Brain rot” (beýni çüýremesi) aňlatmasy 37 müňden gowrak adamyň gatnaşan köpçülikleýin ses berişligine esaslanyp saýlandy. Bu söz ygtybarsyz ýa-da manysyz maglumatlary, esasanam, Internetden, aşa köp kabul etmek sebäpli, adamyň akyl  işiniň umumy ýaramazlaşmagyny görkezýär.
Bu aňlatmanyň ulanylyşynyň ýygylygy soňky bir ýylda 230% ýokarlandy.
Aňlatma ilkinji gezek amerikaly ýazyjy Genri Dewid Toronyň “Uolden ýa-da Tokaýdaky durmuş” (1854) atly kitabynda ulanyldy. Ýazyjy çylşyrymly pikirleri, has elýeterli we ýönekeý pikirleriň haýryna, ýönekeýleşdirmek we peseltmek meýlini beýan etmek üçin ulandy.
Häzirki zaman kontekstinde aňlatma, esasanam, sosial ulgamlarda ýaşlar toparlarynyň arasynda meşhur boldy.
Geçen ýyl Oksford sözlügi jady ýa-da harizma manysyny berýän "rizz" sözüni saýlapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.