Perunyň çölünde gadymy krokodiliň galyndy süňkleri tapyldy: oňa 12 million ýyl bolupdyr

03.12.2024, 21:596,779
1 / 2

Perudaky Okukahe çölünde paleontologlar gadymy krokodiliň galyndy süňküni tapdylar. Ol takmynan 10–12 million ýyl ozal bu sebitde ýaşapdyr. Indi ummanyň kenary bu ýerden, takmynan, 40 km uzaklykda ýerleşýär.

Limanyň 350 km günortasynda Piscogavialis görnüşiniň gadymy garial galyndylary tapyldy. Alymlar bu tapyndynyň ýagdaýyny aňrybaş diýip atlandyrýarlar.
Tapylan süňk umumy uzynlygy üç metre ýeten ýaş jandara degişlidir.
Paleontolog Mario Gamarra muny tapylan ýaş garialyň ilkinji nusgasydygyny aýtdy.

“Olaryň uzyn görnüşi bardy we iýmitleri tutuşlygyna balyklardan ybaratdy. Olar et däl-de, diňe balyk iýdiler" diýip, hünärmen belleýär.

Iň ýakyn diri garyndaşlary hindi gariýleri bolan Piskogawialis kellesiniň morfologiýasy bilen tapawutlanýar.
Tapyndy alymlara krokodilleriň ewolýusiýasyny we olaryň deňiz gurşawyna uýgunlaşmagyny öwrenmäge kömek edýär diýip, 
daily.afisha.ru ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.