WhatsApp 2025-nji ýylyň maý aýyndan köne iPhone smartfonlarynda işlemegini bes eder

04.12.2024, 15:204,741

WhatsApp messenjeriniň topary öz saýtynda hyzmatyň haýsy gurluşlarda işläp biljekdigini görkezýän bölümi täzeledi. Oňa görä, WhatsApp geljek ýyl iOS-yň köne wersiýalary bolan smartfonlarda işlemegini bes eder.

Häzirki wagtda WhatsApp iOS 12 we OS-yň has täze wersiýalary bolan iPhone-y goldaýar. 2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan hyzmat diňe iOS 15.1 we has täze wersiýalar bilen goldanar.
Şeýlelikde, iPhone 5s, iPhone 6 we iPhone 6 Plus modellerinde WhatsApp işjeňligini ýitirer. Bu gurluşlaryň ulanyjylary, eger iPhone täzelenmese, görkezilen seneden soň WhatsApp çatyna elýeterli bolup bilmezler.
Ýöne hyzmat operasion ulgamyň goldawyny bes etmezden öňürti WhatsApp-de ulanyjylaryň habarnama aljakdygyny we täzelemegiň zerurlygy barada ençeme gezek ýatladyljakdygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.