“Moana 2” prokatyň iki hepdesinde ýylyň iň girdejili filmleriniň ilkinji bäşligine girdi

11.12.2024, 08:103,097

Ikinji uikendiň netijesi boýunça “Moana 2”multfilminiň kassa ýygymy 600 mln dollardan geçdi diýip, Variety ýazýar. Ol ABŞ-da we dünýäniň beýleki köp ýurtlarynda öňdebaryjy bolup, kem-kemden animasion lentanyň birinji bölüminiň ahyrky netijesine – 643 mln dollara golaýlaýar.

Multfilme eýýäm 2024-nji ýylyň iň girdejili lentalarynyň bäşligine girmek başartdy. Ol “Godzilla vs. Kong” filminden öňe geçdi we kem-kemden Deni Wilnýowyň “Dýuna 2” filmine ýakynlaşýar. Analitikleriň pikiriçe, adada ýaşaýan gyz baradaky multfilmiň milliard dollar görkezijisine ýetmäge we ýylyň iň girdejili kino taslamalarynyň üçlügine girmäge ähli mümkinçiligi bar.
2024-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleri:

  1. “Tapmaça 2” (Головоломка 2) — $1,69 mlrd;
  2. “Dedpul we Rosomaha” (Дэдпул и Росомаха) — $1,33 mlrd;
  3. “Ýigrenji men 4” (Гадкий я 4) — $969 mln;
  4. “Dýuna 2” (Дюна 2) — $714 mln;
  5. “Moana 2” (Моана 2) — $600 mln.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.