Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň Dostluk hepdeligi açylýar

16.12.2024, 06:382,632

16-18-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň çagalarynyň dostluk hepdeligi geçirilýär. Onuň çäklerinde çagalar bilen gurjaklary ýasamak, surat çekmek, beden üçin peýdaly maşklary etmek we başga-da şoňa meňzeş gyzykly oýunlary oýnamak ýaly güýmenjeler göz öňünde tutulýar.

Hepdeligiň açylyşy 16-njy dekabrda sagat 16:00-da Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolar. Giriş tölegsiz.
Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we EYR-nyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezi çykyş edýär.
Şu gün şeýle hem Aşgabatda Iran Agrofood ýöriteleşdirilen halkara sergisi açylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.