Toyota täze Urban Cruiser krossowerini hödürledi: 184 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji

16.12.2024, 06:494,511
1 / 4

Toyota kompaniýasy resmi taýdan bäşinji nesliň Urban Cruiser krossowerini tanyşdyrdy. Täze model Suzuki e-Vitara elektromobiliniň çala üýtgedilen görnüşi bolup, ol şildikleri we käbir jikme-jiklikleri bilen tapawutlanýar, diýip Carscoops habar berýär.

Urban Cruiser-iň 4285 mm uzunlygy bolup, ol Yaris Cross we C-HR modelleriniň arasynda durýar. Onuň teker bazasy 2700 mm, bu bolsa Yaris Cross-uň teker bazasyndan 140 mm uludyr. Awtoulagyň salony dolandyrylýan arka oturgyçlary, öňdäki panelinde ýerleşýän iki sany 10 dyuýmlyk ekrany, şeýle-de JBL akustikasy we lýuk ýaly opsiýalar bilen üpjün edilendir.
Model birnäçe wersiýada elýeterlidir. Öňki priwodly modifikasiýalar 144 ýa-da 174 at güýjüni öndürýän elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilýär. Ýokary komplektasiýasynda Urban Cruiser doly priwod we 184 at güýjüni öndürýän hereketlendirijini hödürleýär. Akkumulýatorlaryň kuwwaty 49-61 kW/sag arasynda üýtgäp durýar. Ýöreýiş ätiýaçlygy belli däl.
Şeýle-de awtoulag ýylylyk nasosy we batareýany gyzdyrmak funksiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Krossoweriň premýerasy 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Brýusseldäki motor-şouda bolar. Awtoulagyň bahasy satuwlaryň başlamagyna ýakyn belli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.