Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak bilen bagly meseleler gözden geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bäş welaýatyň häkimleri bugdaý ekişiniň we pagta ýygymyň gidişi barada hasabat berdi. Sebitlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda bolsa gögeriş suwy tutulýar.
Şeýle-de, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we kabul ediş harmanhanalarynda hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Pagta ýygyjy kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň netijeli işlemegine aýratyn üns berilýär.
Sebitlerde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda we ýokary derejede geçirmegi, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, şeýle hem azyklyk ekinleriniň idegini degişli derejede üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewe oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak we azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna görülýän taýýarlyga hem aýratyn üns berildi. Prezident dabaraly çäreleriň geçirilmegini we baýramçylyk günlerinde bazarlary hem-de dükanlary azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmegi tabşyrdy.