Toyota «Dakar» rallisine wodorodly Hilux pikapyny çykarar

Şu gün, 20:01480
1 / 2

Toyota kompaniýasy 2027-nji ýylyň «Dakar» ralli ýaryşyna Hilux pikapynyň wodorodly wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. DKR GR FC Hilux diýlip atlandyrylan awtomobil alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän ulaglar üçin göz öňünde tutulan «Future Mission 1000» kategoriýasynda gatnaşar.

Taslama Jameel Motorsport, Denso, IAV we tigir öndüriji Toyo Tires ýaly hyzmatdaşlaryň goldamagynda Toyota Gazoo Racing bölümi tarapyndan durmuşa geçirilýär. Pikap, takmynan, 1000 km aralykdaky ýörite bölekleri geçmeli bolar.

Içinden ýanýan hereketlendirijini ulanýan adaty DKR GR Hilux modelinden tapawutlylykda, täze görnüş wodorod ýangyç elementi bilen üpjün edilendir. Şeýle ulgam hereket üçin elektrik energiýasyny öndürýär, zyýanly gazlaryň deregine bolsa turbadan adaty suw bugy çykýar.

Kompaniýa rallä gatnaşmak bilen ýokary temperatura, güýçli yrgyldylar we uly ýüklenmeler ýaly aşa agyr şertlerde tehnologiýanyň işleýşi barada maglumat toplamaga mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirýär.

Pikapyň prototipi Toyota-nyň Brýusseliň golaýyndaky ýewropa ylmy-barlag merkezinde işlenip taýýarlanýar. Awtomobilde ýangyç elementleriniň ikinji we üçünji nesliniň komponentlerini birleşdirýän güýç enjamy ulanylýar. Ol häzirlikçe seriýaly modeller üçin taýýarlanýan çözgütlerden yza galýar.

Synaglaryň dowamynda alnan tejribäni 2028-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilýän seriýaly wodorodly Hilux-y döretmekde ulanmak meýilleşdirilýär. Ýol wersiýasynyň 400 km-den gowrak ýol ätiýajyny almagyna we ulagyň agramy 2,5 tonna çenli bolan tirkegi çekip bilmegine garaşylýar.