Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saparynyň dowamynda ol bu ýerdäki ýollaryň we çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny gözden geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýolugra «Ýanardag» ýadygärliginiň daşyndan aýlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow uzynlygy 4 kilometrden gowrak bolan ýoluň gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Gurluşykda daş düşemek, tekizlemek we ýoluň gatlaryny dykyzlandyrmak işleri häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýerine ýetirildi. Ýörite serişdeler ulanylyp, onuň hiliniň ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi üpjün edildi. Aýratyn-da, bu ýola ýokary hilli asfalt düşekleri degişli kada laýyklykda 3 gatlakdan ybarat boldy.
Täze ýoluň ugrunda ýagyş we sil suwlaryny geçirýän desgalar ýerleşdirildi. Olar suwy bir ýere jemlemek we ony zerur bolan ugurlar üçin ulanmak işleriniň talabalaýyk bolmagyny üpjün eder. Mundan başga-da, ýol belgilerini oturtmak, ýol gyrasy daşlaryny granit arkaly berkitmek işleri talabalaýyk ýerine ýetirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň dürli sebitlerinde ahalteke bedewleriniň heýkellerini ýerleşdirmek bilen baglanyşykly işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini belledi we munuň milli atçylyk sungatyna, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýändigini nygtady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri atyň taýçanaklykdan bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan «Atly aýlaw» halkalaýyn ýoluň deňesine geldi. Aýlawly ýoluň abadançylygy, ýol ýakalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman usullarynyň şekilleri barada Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow gürrüň berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy alnyp barylýan işleriň atçylygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtap, ýolbaşçylara degişli maslahatlaryny berdi, şeýle-de hünärmenleriň we ippolog alymlaryň ahalteke bedewlerini, olaryň taryhyny we reňk aýratynlyklaryny öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny belledi.