Türkmenistanyň Prezidenti ýaş estrada aýdymçylaryny Magtymgulynyň ýadygärlik nyşany bilen sylaglady

17.12.2024, 06:459,942

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaş estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, şu aýdymçylar sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Gylyçdurdy Hojagylyjowiç Durdyýew;
  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň 1-nji derejeli horuň artisti Leýli Rustamowna Mämmedowa;
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowa;
  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň saz mugallymçylygy bölüminiň mugallymy Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowa;
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Turanowiç Çaryýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hemra Orazmyradowiç Nuryýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewa;
  • Ahal welaýat medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň 2-nji derejeli artisti Şatlyk Bäşimmyradowiç Gurbannazarow;
  • Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň medeniýet merkeziniň tans goýujysy Selbi Şyhymbaýewna Kakanowa;
  • Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginiň Garaýap oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Şamyrat Kakamyradowiç Artykow.

Belläp geçsek, Gylyçdurdy Durdyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.