“Barbi” gaýdyp gelýär: Greta Gerwig we Noa Baumbah filmiň dowamynyň üstünde işläp başlady

17.12.2024, 20:075,364

2023-nji ýylyň iň girdejili filmi bolan “Barbiniň” režissýory we ssenariý awtory Greta Gerwig we awtordaşy Noa Baumbah resmi taýdan filmiň dowamynyň üstünde işlemäge girişdi. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, sikwel üçin pikir eýýäm Warner Bros. studiýasyna hödürlendi.

Taslama heniz irki tapgyrda. Üstünlikli gepleşiklerden soň, topar ssenariý ýazmaga we önümçilik meýilnamasyny düzmäge girişer. Gerwige şeýle girdejili filmi düşüren ilkinji zenan režissýor adyny getiren birinji bölümiň üstünligini göz öňünde tutsaň, täze filmden garaşylýan tama uly.
Ýatlap geçsek, “Barbi” filmi adaty däl obrazlary we özboluşly ssenarisi bilen meşhurlyk gazandy. Sýužetiň merkezinde Barbilend dünýäsinden hakyky dünýä düşýän Barbi bilen Keniň başdangeçirmeleri durýar. Kartina degişme bilen durmuşda öz ornuňy tapmak baradaky pikir ýöretmeleri özünde jemledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.