Google 2024-nji ýylyň netijelerini däp bolan “ýylyň gözlegi” wideosynda jemledi

18.12.2024, 12:343,077
1 / 2

Google her ýylda paýlaşýan “Ýylyň gözlegi” wideosyny çykardy. Onda iň meşhur ulanyjylaryň gözlegleri nukdaýnazaryndan 2024-nji ýylyň netijeleri jemlenildi. Tamamlanyp barýan ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary, aýdym-saz trendleri, kosmosdaky üstünlikler, tebigy betbagtçylyklar we başgalar ulanyjylaryň üns merkezinde boldy.

Esasy gözleg sowallarynyň arasynda Sabrina Karpenteriň "Espresso" aýdymy we Charlie XCX-iň "Brat" albomy, Kendrik Lamar bilen Dreýkiň arasyndaky jedel (döredijilik çaknyşygy), Euro-2024-üň we ispaniýaly täze futbol ýyldyzy Lamin Ýamalyň görkezijileri, täsin tebigy hadysalar, täze filmler, “SpaceX-iň" üstünligi, emeli aňyň ösüşi we ispaniýaly tennisçi Rafael Nadalyň karýerasy baradaky maglumatlar bar.
Ulanyjylar Donald Trampyň saýlawdaky ýeňşi, ABŞ-daky tupanlaryň netijeleri we Mu Deng atly begemot çagasy bilen gyzyklandylar.
"Ýylyň gözlegi" boýunça käbir temalara gyzyklanma 5000%-den gowrak ösüp, global gyzyklanmalaryň nähili üýtgändigini görkezýär. Wideoda sport ýazgylaryndan başlap, medeni hadysalara çenli dürli ugurlar görkezilýär diýip, 
daily.afisha.ru ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.