YouTube wideolar üçin sesli teswirleri synagdan geçirýär

19.12.2024, 12:161,250
1 / 2

YouTube-yň wideo hosting hyzmatynyň ykjam wersiýasynda sesli teswirleri synagdan geçirilip başlandy. Reddit-iň ulanyjylary täze funksiýa baradaky ilkinji pikirlerini paýlaşdylar.

Ses teswirlerini tekstiň girizilýän ýerinde ýörite düwmäni ulanyp goýup bolýar. Bu ýagdaýda hyzmat sesiň tekst ýazgysyny awtomatiki usulda döredýär. Desktop  wersiýasynda bu opsiýa entek elýeterli däl, platformada “Sesli jogap goldanylmaýar” habarnamasy peýda bolýar.
The Geek portalynyň berýän maglumatyna görä, bu funksiýa az sanly ulanyjy, esasanam, mazmunyň awtorlary tarapyndan synalyp görülýär. Köpçülikleýin ulanyşa ornaşdyryljagy-ornaşdyrylmajagy barada entek hiç zat aýdylmady.
Käbir ulanyjylar sesli jogaplaryň diňe kanalyň eýelerine ýa-da YouTube Premium-yň abonentlerine elýeterli bolup biljekdigini çaklaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.