Kristofer Nolanyň “Interstellarynyň” gaýtadan prokata çykmagy IMAX-da rekord goýdy

22.12.2024, 16:532,896

Kristofer Nolanyň “Interstellar” atly ylmy-hyýaly dramasynyň gaýtadan prokata çykmagy IMAX-da kassa ýygymynda rekord goýdy we filmiň bu görnüşdäki umumy girdejisini 17 million dollardan gowrak artdyrdy. Ýörite re-prokat filmiň ilkinji görkezilişiniň 10 ýyllygyna bagyşlandy diýip, Collider habar berýär.

Filmiň IMAX-daky kassa ýygymynyň umumy mukdary 132,3 million dollar bolup, bu formatyň taryhynda oňa iň köp girdeji gazanan sekizinji film bolmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda “Interstellaryň” iň ýakyn bäsdeşi - şol režissýoryň golaýda çykyp, 146,4 million dollar gazanan “Oppengeýmeridir”.
“Interstellaryň” 2014-nji ýylda çykanyndan bäri dünýädäki jemi kassa ýygymy 728 million dollardan geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.