YouTube klikbeýt-wideolary duýdurmazdan bozup başlar

27.12.2024, 16:573,117

YouTube klikbeýt mazmunlaryna garşy çäreleri güýçlendirýär. Google-yň blogunda wideo hostingiň görkezilen sözbaşa ýa-da prewýu (surat) gabat gelmeýän wideolary duýdurmazdan aýryp başlajakdygy habar berilýär.

“Biz sözbaşylary ýa-da miniatýurasy tomaşaçylara wideodakydan düýbünden başga zady wada berýän wideolara gözegçiligi güýçlendirmegi meýilleşdirýäris” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Täze düzgün Hindistanda güýje girip başlar we kem-kemden beýleki ýurtlara ýaýradylar. YouTube-da häzirki wakalara we täzeliklere bagyşlanan wideolara aýratyn üns beriljekdigi bellenildi.

“Wideo soňky täzeliklere ýa-da häzirki wakalara bagyşlanan bolsa, bu YouTube-yň tomaşaçylaryny ýalňyşdyrmazlyk üçin aýratyn wajypdyr” – diýip, Google-yň wekilleri belledi.

Kompaniýa klikbeýt sebäpli tomaşaçylaryň özüni “aldanan we lapykeç” duýýandygyny belleýär. Täze syýasat auditoriýanyň platforma bolan ynamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.