2024-nji ýylda adamlar telefona 2,5 aý wagtyny sarp etdiler. Her 5 minutdan ellerine telefon aldylar

01.01.2025, 18:4213,136
1 / 2

Amerikanyň Reviews.org seljeriş kompaniýasy tarapyndan geçirilen täze barlag adamlaryň smartfonlara garaşlylygynyň artýandygyny görkezdi. Maglumatlar 2024-nji ýylda ulanyjylaryň smartfona ortaça 2,5 aý wagtlaryny sarp edendigini görkezýär. Bu bir ýyl ozalkydan 42,3% köpdür.

Ulanyjylar telefonlaryny her 5 minutdan, günde jemi 140 gezek çykarýarlar.
Barlagdan gelip çykýan käbir netijeler:

  • Adamlaryň 80,6% -i ukudan oýanandan ilkinji 10 minutyň dowamynda telefonlaryny barlaýarlar;
  • Olaryň 65,7%-i telefony hajathanada ulanýar;
  • Ulanyjylaryň 53,7% -i ýanyna baryp gürleşmegiň ýerine bir otagda bolsalaram biri-birine sms iberýärler;
  • Olaryň 38,1%-i duşuşyk wagtynda telefonyna seredýär;
  • Ulanyjylaryň 27%-i ulag sürüp barýarkalar telefonlaryny ulanýarlar.

Iň köp smartfona bagly nesil Z nesliniň wekilleri bolup çykdy (1990-njy ýyllaryň ortalaryndan 2010-njy ýyllaryň başyna çenli doglan zumerler). Olar günde 6 sagat 18 minut wagtlaryny enjamlara sarp edýärler. Y nesliniň wekilleri (milleniallar, 28 ýaşdan 43 ýaş aralygyndaky adamlar) günde 6 sagat 2 minut sarp edip, zumerlerden çala yza galýarlar. Ulurak ýaşly ulanyjylar (X nesliň wekilleri we bumerler) telefonlaryna birneme azrak ýapyşýarlar, ýöne barybir köp - degişlilikde 4 sagat 54 minut we 3 sagat 18 minut.
Barlagçlar bu meselä düşünýänleriň azalandygyny bellediler: ekrana seredip oturylýan wagtyň artandygyna garamazdan, muny endik hasaplaýanlaryň paýy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 24% kemeldi.
Smartfony aşa köp ulanmagyň sosial kada öwrülýändigi hünärmenleri alada goýýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.