Alymlar eşidiş näsazlyklaryny bejermek üçin mikro iňňeleri çap etdiler

02.01.2025, 14:134,652

Kolumbiýa uniwersitetiniň barlagçylary dermany, içki gulagyň eşidiş perdesine zeper ýetirmezden, takyk ýetirip bilýän mikro iňňe bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem täze mikro iňňe Menýeriň keseli ýaly patologiýalary anyklamak üçin suwuklygyň  nusgasyny almaga mümkinçilik berýär diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Adam saçynyň tarynyň inçeligindäki mikro iňňäni döretmek üçin alymlar ýokary çözgütli 3D çap etmek usuly bolan iki fotonly fotolitografiýany ulandylar. Iňňe howpsuz ýagdaýda, takmynan, 2 mm inlilikdäki membranany deşip biler derejede berkdir. Haýwanlarda geçirilen synaglar deşilen ýeriň, eşidişe zyýan ýetirmezden, iki günüň içinde bitip gidýändigini görkezdi.
Mikro iňňäniň esasy maksady, eşidişi dikeltmäge ukyply gen terapiýa dermanlaryny zyýan ýeten ýere ygtybarly eltmekden we anyklaýyş üçin suwuklygy almakdan ybaratdyr. Içki gulak perdesi çylşyrymly spiral görnüşine eýe bolup, membranasy adaty hirurgiki gurallar degrilende eşidişiň doly ýitmegine sebäp bolup biler  derejede aňsatlyk bilen zeperlenip bilýär.
Döredilen iňňe töwekgelçiligi azaltmaga mümkinçilik berýär we içki gulagyň kesellerini bejermek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Alymlar öz tehnologiýalarynyň audiologiki bejergä bolan çemeleşmäni üýtgeder we has täsirli bejergileri ösdürmäge kömek eder diýip umyt edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.