IMDb ulanyjylary “Dýuna 2-ni” 2024-nji ýylyň iň gowy filmi diýip saýladylar

03.01.2025, 19:205,226

Iň meşhur kino saýty IMDb 2024-nji ýylyň iň gowy 10 filminiň sanawyny hödürledi. Reýting ulanyjylaryň baha bermeleriniň esasynda düzüldi.

Şeýlelikde, tomaşaçylaryň pikiriçe, 2024-nji ýylyň iň gowy filmi Deni Wilnýowyň “Dýuna 2” filmi boldy – ol 10-dan ortaça 8,5 bal aldy.
Ikinji orunda Dreamworks studiýasynyň “Ýabany robot” multfilmi (8,2 bal) ýerleşdi, üçlügi Edrian Broudi bilen “Brutalist” dramasy jemledi – 8,1 bal.
Sanawyň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. “Dýuna 2” (Дюна 2) – 8,5/10
  2. “Ýabany robot” (Дикий робот) – 8,2/10
  3. “Brutalist” (Бруталист) – 8,1/10
  4. “Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада) – 7,9/10
  5. “Anora” (Анора) – 7,9/10
  6. “Nosferatu” (Носферату) – 7,8/10
  7. “Graf Monte-Kristo” (Граф Монте-Кристо) – 7,7/10
  8. “Sing-Sing” (Синг-Синг) – 7,7/10
  9. “Ruhy yşyk” (Призрачный свет) – 7,6/10
  10. “Furiosa: Telbe Maksyň hronikasy” (Фуриоса: Хроники Безумного Макса) – 7,5/10.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.