Toyota her 100 km-e 6,3 litr ýangyç sarp edýän Alphard miniweniniň “altyn çaýylan” görnüşini hödürledi

10.01.2025, 17:2710,988
1 / 2

Toyota kompaniýasy Alphard miniweniniň iki sany täze görnüşini - Exquisite Golden Edition-i we Ultimate Golden Edition-i hödürledi. Modeller altynsow reňkli kuzowy we üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Täze miniwenleriň bahasy degişlilikde 125,4 we 126,8 müň dollar diýip,  Speedme  ýazýar.

Miniwenleriň interýerinde altyn öwüşginler, agaç mebeller bar. Opsiýalaryna baş ekran, 12,3 dýuýmlyk sanly gural paneli, 14 dýuýmlyk ekranly media ulgam, şeýle hem gyzdyryjyly, şemalladyjyly we iki hatar üçin elektrik sazlaýjyly, nappa deri bezegli oturgyçlar girýär. Elektropriwodly we ýat funksiýaly yzky gapysy ykjamlyk goşýar.
Iki görnüşi hem 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisini we E-CVT elektron CVT-ni birleşdirýän gibrid gurnama bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgamyň umumy kuwwaty 250 at güýjüne ýetýär we ýangyjyň ortaça sarp edilişi 100 km üçin 6,3 litr. Modeliň teker bazasy 3000 mm, uzynlygy - 5005 mm.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.