BAFTA baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Iň köp nominasiýany “Konklaw” aldy

18.01.2025, 23:423,305

Britaniýanyň Kinematografiýa we telewizion sungat akademiýasy BAFTA 2025 baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Şu ýyl iň köp nominasiýada görkezilen film “Konklaw” boldy – režissýor Edward Bergeriň baş keşbi Reýf Faýnsyň ýerine ýetirmegindäki kartinasy birbada 12 baýraga dalaş edýär. Hususan-da, film “Iň gowy film”, “Iň gowy režissýor”, “Iň gowy aktýor” we “Ikinji plandaky iň gowy aktrisa” kategoriýalarynda bäsleşer.  
Ikinji orunda Netflix-iň “Emiliýa Peres” ispan mýuzikli ýerleşdi – bu film 11 nominasiýada dalaşgär görkezildi. Üçlügi Edrien Broudi bilen “Brutalist” jemleýär – 9 nominasiýa.
Şeýle-de, “Zalym”, “Anora” we “Dýuna. Ikinji bölüm” filmleriniň her biri ýedi kategoriýada baýrak üçin dalaş edýär. 
Esasy nominasiýalarda dalaşgärler:
Iň gowy film:

  • ·“Anora” (Анора)
  • ·“Brutalist” (Бруталист)
  • ·“Konklaw” (Конклав)
  • ·“Düýbünden nätanyş”( Никому не известный)
  • ·“Emiliýa Peres” (Никому не известный)

Iň gowy britan filmi:

  • ·“Blitz” (Блиц)
  • ·“Beýik” (Великая)
  • ·“Gaçgy” (Выгон)
  • ·“Gladiator 2” (Гладиатор 2)
  • ·“Konklaw”
  • ·“Söýgüden gan akýar” (Любовь истекает кровью)
  • ·“Guş” (Птица)
  • ·“Ýowuz hakykat” (Суровая правда)
  • ·“Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar” (Уоллес и Громит: Самая дикая месть)
  • ·“Kneecap”

Iň gowy iňlis dilli däl film:

  • ·“Bize yşyk bolup görünýän zatlar” (Всё, что нам кажется светом) – Hindistan
  • ·“Mukaddes injiriň tohumy” (Семя священного инжира) – Germaniýa
  • ·“Emiliýa Peres” – Fransiýa
  • ·“Men henizem bärde” (Я всё ещё здесь) – Braziliýa
  • ·“Kneecap” – Irlandiýa

BAFTA 2025 baýragynyň gowşurylyş dabarasy 16-njy fewralda Beýik Britaniýada geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.