“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda sirk festiwalynda çykyş etdi

20.01.2025, 11:545,351
1 / 2

Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalyna gatnaşdy diýip, ORIENT habar berýär.

Monte-Karloda 1974-nji ýylda knýaz Renýe III tarapyndan esaslandyrylan Halkara sirk sungaty festiwaly her ýylyň ýanwar aýynda meşhur Fonweý sirk çadyrda geçirilýär. Monte-Karlonyň halkara sirk festiwaly sirk sungaty dünýäsinde möhüm wakalaryň biri bolup durýar.
2006-njy ýyldan bäri festiwalyň prezidenti wezipesini Monakonyň şazadasy Stefaniýa ýerine ýetirýär.
Festiwalyň maksatnamasynyň wideo ýaýlymlary bütin dünýäde alnyp barylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.