Aýa uçurylan Blue Ghost moduly ýolda ilkinji gezek Ýeri surata aldy

28.01.2025, 12:317,309
1 / 2

Firefly Aerospace kompaniýasy Blue Ghost Aýa gonuş moduly tarapyndan düşürilen Ýeriň täze suratyny görkezdi. Bu enjam kosmosa 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda uçuryldy.

Häzir Blue Ghost meýilleşdirilen traýektoriýasy boýunça üstünlikli uçýar. Ol käbir gurallarynyň işleýşini barlady we orbitasyny düzetmek üçin hereketlendirijisini iki gezek işletdi.
Blue Ghost 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli Ýeriň daşyndaky orbitada galar. Şondan soň ony Aýyň orbitasyna gönükdirjek öwrümi eder.
Hemranyň üstüne 2025-nji ýylyň 2-nji martynda gonmak meýilleşdirilýär. Gonjak  meýdançasy Çökgünlikler Deňzi diýlip atlandyrylýan sebitdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.