"Möý adam" hakyndaky täze multserial üçünji möwsüme uzaldyldy

29.01.2025, 09:521,847

Marvel “Dostana goňşyňyz Möý adam” multserialynyň üçünji möwsüm üçin  uzaldylandygyny mälim etdi.

Marvel-iň telewideniýe bölüminiň başlygy Bred Winderbaum 2-nji möwsümiň ssenariýasynyň eýýäm tamamlanandygyny we animasiýa bilen bagly işiň ýarysynyň  ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Multserialdaky wakalar alternatiw hakykatda bolup geçýär, onda Toni Starkyň ýerine Norman Ozborn Möý adamyň halypasy bolýar. Döredijileriň sözlerine görä, bu çemeleşme sýužet bilen synag geçirmäge we gahrymanlary täze görnüşde açmaga mümkinçilik berýär. 
Bu şüweleňiň baş ssenariýaçysy we prodýuseri “Amfibia” we “Çeşme şalygyndan bolan Kreýg” multseriallaryndaky işleri bilen tanalýan Jeff Trammelldir. Taslamanyň animasiýasy Sten Li we Stiw Ditkonyň “The Amazing Spider-Man” atly irki komikslerinden ylham alýar.
Taslamanyň ilkinji möwsümi 29-njy ýanwarda “Disneý +” platformasynda başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.