Çempionlar ligasynda bir gijede XXI asyr üçin rekord 64 gol geçirildi

30.01.2025, 14:439,004

30-njy ýanwara geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary geçirildi. Bu 8-nji tapgyr ýaryşyň taryhynda iň netijeli tapgyrlaryň biri boldy. Bir wagtda oýnalan 18 oýnuň dowamynda toparlar 64 gol geçirdi.

Opta Sport kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, şeýle netijelilik XXI asyrda bir oýun güni üçin rekord boldy.
Ýaryşyň tutuş taryhynda bolsa bu ikinji görkezijidir: ondan köp gol 1970-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda (1970/1971 möwsümi) geçirildi. Şol wagt Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň 16 oýnunda 66 gol salyndy.
Umumy tapgyryň jemi boýunça esasy Ýewropa ýaryşynyň ýaryş jedwelinde birinji orny 21 utuk bilen “Liwerpul” eýeledi. Ikinji orunda hasabynda 19 utuk bolan “Barselona” ýerleşdi. Üçlügi 19 utuk bilen “Arsenal” jemledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.