Kosmosdan göni ýaýlym: «Sen» kompaniýasy Ýeriň wideosyny 4K çözgütde ýaýlyma berdi

30.01.2025, 15:096,672

«Sen» britan kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyndan (ISS) göni ýaýlymda Ýeri görkezip başlady. 4K çözgütdäki wideo hemmeler üçin elýeterlidir diýip, Spacenews habar berýär.

Kamera HKS-nyň birikdirme nokadyna ornaşdyryldy.

«Göni ýaýlym arkaly biz adamlara ajaýyp planetada ýaşaýandygymyzy görkezmek hem-de daşky gurşawa degişli wakalara we howanyň üýtgemegine bolan habardarlygy artdyrmak isleýäris» diýip, «Sen» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Çarlz Blek aýtdy.

Göni ýaýlym kompaniýanyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.