Marvel’s Spider Man 2 PK-da çykdy: Möý adam ýene-de Nýu-Ýorky halas edýär

03.02.2025, 09:546,262

Marvel’s Spider Man 2 indi PK-da elýeterli boldy. Oýny Steam we Epic Games Store platformalaryndan ýükläp almak bolýar. Adaptirleme bilen Insomniac Games we Nixxes Software studiýalary meşgullandy.

Oýunçylar Piter Parkeri we Maýlz Moralesi dolandyrmaly bolar. Nýu-Ýorky täze howplardan, şol sanda Wenomdan we awçy Kreýwenden goramaly. Oýunda Bruklini we Kwinsi öz içine alýan giňeldilen karta, şeýle-de täze başarnyklar we gajetler peýda boldy.
PK wersiýasy kämilleşdirilen grafiki sazlamalary, ultra-giň monitorlary we klawiatura hem syçanjyk üçin optimizasiýany goldaýar. Şeýle-de, NVIDIA DLSS 3 we AMD FSR 3.1 tehnologiýalary elýeterli.
Maslahat berilýän ulgam talaplary:

  • ·OS: Windows 10/11
  • ·Prosessor: Intel Core i5-8400 ýa-da AMD Ryzen 5 3600 
  • ·Operatiw ýat: 16 GB
  • ·Wideo kart: NVIDIA GeForce RTX 3060 ýa-da AMD Radeon RX 5700
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.