Apple toý-dabaralar üçin «Confetti» atly täze çakylyk hyzmatyny işe girizýär

04.02.2025, 15:071,983

Apple kompaniýasy täze Confetti atly çäreleri gurnaýyş we çakylyk hyzmatyny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu hyzmat iCloud-a goşular we geljek hepde köpçülige hödürlener. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi diýip, 9to5Mac ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, Confetti adamlary oturylyşyklara, çärelerdir duşuşyklara çagyrmagyň «täze usulyny» hödürlär. Gurman Apple-yň eýýäm birnäçe ýyl bäri «Senenama» (Calendar) programmasyny täzelemegi maksat edinýändigini we Confetti hyzmatynyň bu ugurdaky ilkinji ädim boljakdygyny belledi.
Ol şeýle-de täze hyzmatyň iOS 18.3 bilen baglanyşyklydygyny, bu operasion ulgamynyň ýanwar aýynyň ahyrynda ýaýradylmaga başlanandygyny belläp geçdi.
Programmada çärelere çagyrylan adamlaryň sanawyny hem-de kimleriň gatnaşýandygyny görüp bolar. Täze hyzmat «Senenama» programmasynyň içindäki çäreler üçin niýetlenen bölüme garanyňda has amatly we döwrebap interfeýs bilen üpjün ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.