«Billboard» iň gowy R’n’B aýdymçylarynyň top-10 sanawyny hödürledi

08.02.2025, 13:152,404

Billboard redaksiýasy häzirki wagtda iň gowy R’n’B aýdymçylarynyň top-10 sanawyny hödürledi.

Sanaw düzülende ýazgynyň hili, çartlardaky üstünligi, medeni täsiri, esasy işewürlik başlangyçlary we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, konsertlerde gazanan üstünlikleri, şeýle-de goşmaça faktor hökmünde – ajaýyp wokal başarnyklary göz öňünde tutuldy.
Sanawyň birinji ornuny SZA eýeledi. Redaksiýa onuň 2022-nji ýylda çykan «SOS» atly albomy we Kendrik Lamar bilen bilelikdäki dueti barada aýratyn belläp geçdi.
Iň meşhur R’n’B aýdymçylarynyň top-10 sanawy:

  1. SZA
  2. Kris Braun
  3. Aşer
  4. Mani Long
  5. PartyNextDoor
  6. Leon Tomas
  7. Keýlani
  8. Koko Jons
  9. Sammer Uoker
  10. Wiktoriýa Mone
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.