Ýewropa obserwatoriýasy C/2024 G3 kometasynyň haýran galdyryjy suratlaryny görkezdi

11.02.2025, 13:213,194
1 / 2

Ýewropanyň Günorta obserwatoriýasy (ESO) C/2024 G3 (ATLAS) kometasynyň suratlaryny hödürledi. Suratlar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çiliniň Atakama çölündäki Paranal obserwatoriýasynyň çäginde düşürildi. Bu ýer astronomiki gözegçilikler üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanylýar.

Kometa 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda öz orbitasynyň Güne ýakyn bolan nokadyna –  perigeliýa ýetdi. Şeýlelikde, ol biziň ýyldyzymyza 13 mln km ýakynlaşdy. Bu waka ESO-nyň astronomlaryna kometany jikme-jik surata düşürmäge mümkinçilik berdi.
Daşdan, tozandan we buzdan ybarat bolan kometalar Güne golaý gelende öz maddalarynyň bir bölegini ýitirip, guýruk emele getirýär. Paranalda düşürilen suratlarda C/2024 G3 (ATLAS) kometasynyň uly guýrugy aýdyň görünýär, ol buzuň sublimasiýasynyň netijesidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.