Magtymguly adyndaky TDU bilen «Türkmenistan» gazetiniň geçiren makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

14.02.2025, 07:474,935
1 / 2

13-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Bäsleşik iki derejede geçirilip, birinji dereje boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde okaýan talyplar, ikinji derejede bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar.
I derejede I orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň V ýyl talyby Rejepgeldi Allamyradow mynasyp boldy.
II derejede I orny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby Arslan Mämmedow aldy.
Birinji dereje boýunça talyplaryň 6-syna, ikinji dereje boýunça 11-sine Diplomlar, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem tapawutlanan talyplaryň birnäçesi Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.