Counter-Strike 2 oýny Steam-de birbada tas 1,75 mln ulanyjyny çekip, rekord goýdy

19.02.2025, 12:044,611
1 / 2

Valve kompaniýasynyň Counter-Strike 2 şuteri Steam platformasynda meşhurlygy boýunça täze öz rekordyny goýdy.  

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çykany bäri Counter-Strike 2-niň iň ýokary onlaýn görkezijisi ýaňy-ýakyna çenli 1,6 mln oýunçydy. Bu görkezijä geçen ýylyň ýazynda ýetildi.
2024-nji ýylyň dekabr aýynda görkeziji 1,740 mln oýunçydan geçdi, 2025-nji ýylyň 16-njy fewralynda bolsa Counter-Strike 2-de birbada 1 744 015 adam hasaba alyndy – bu oýun üçin täze şahsy rekorddyr. Görkezijini resmi däl SteamDB hyzmatynda görmek bolýar.
Oýnuň duýdansyz şeýle netije görkezmegine ygtybarly düşündiriş ýok, hatda soňky döwürde uly çäreler ýa-da uly täzelenmeler hem bolmady. Dexerto neşiriniň žurnalistleri oýunçylaryň köpelmegini ulanyjylaryň we botlaryň işjeňligi bilen baglanyşdyrýar.
Şeýle-de bolsa, gazanylan netijäniň umumy şuter üçin rekord bolmandygyny bellemek gerek. Counter-Strike 2-ä öwrülmezden ozal oýun (şol wagt Counter-Strike: Global Offensive ady bilen) bir wagtyň özünde 1 818 773 adamy özüne çekipdi.
Counter-Strike 2 çykmak bilen CS:GO-nyň ornuny doly eýeledi. Valve-niň aýtmagyna görä, indi şuter Source 2 programma üpjünçiligine esaslanýar we bu hem oýny täze mümkinçilikler hem kontent bilen üpjün edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.