"Nature inFocus 2024" surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

22.02.2025, 11:127,150
1 / 9

Her ýyl geçirilýän "Nature inFocus Awards" (tebigatyň täsin pursatlary) surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Baýraklara haýwanlaryň durmuşynyň we tebigatyň geň-enaýy pursatlaryny surata düşüren suratçylar mynasyp boldy.
Bu ýyl absolýut ýeňiji Supun Dilşan boldy. Şri-Lankadaky pilleriň durmuşyny görkezýän suratlar toplumy üçin ol “Ýylyň suratçysy” adyna eýe boldy.

Kategoriýalar boýunça ýeňijiler:


Absolýut ýeňiji - Supun Dilşan


“Haýwanlaryň özüni alyp barşy” – “Akulalar awa çykdy” - Anžela Albi / Awgust Paula


"Ýabany haýwanlar" - "Aýy asmana seredýär" - Žakki Meteçuk


"Tebigatyň döredijilikli suraty" - "Balans" - Kaý Kolodziýeý


"Haýwanlaryň portretleri" - "Agajy gujaklamagy halaýanlar" - Prutwi B.


“Haýwanlaryň portretleri” kategoriýasynda ýokary baha alan: “Ýuka buzuň üstünde” - Filipp Rikordel


"Ýaş suratçy" - "Ýapragyň içinden " - Salahuddin Ahmed


"Ýaş suratçy" kategoriýasynda ikinji ýer alan - "Kim bar?" - Danaja Palihwadan Araççi

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.