Iň meşhur kompýuter brendleri kesgitlenildi: lider üýtgemedi

02.03.2025, 07:335,563
1 / 3

2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple ähli kompýuter öndürijileriň arasynda iň ýokary ösüşi görkezip, Lenovo, HP we Dell-den öňe saýlandy.

Canalys-iň berýän maglumatlaryna görä, Mac-iň dünýä bazaryndaky paýy 10,2%-e ýetdi. Emeli aň (EA) bilen işleýän kompýuterleriň pudagynda bolsa Apple 45% bazar paýy bilen iň ýakyn bäsdeşi Windows-dan ep-esli öňe saýlandy.
Apple umumy kompýuter bazarynda dördünji orny eýelese-de, korporatiw pudakda çalt depginler bilen ösýär.
Kompýuter bazarynyň paýlanyşy (2024-nji ýylyň 4-nji çärýegi boýunça):

  • ·Lenovo — 25%
  • ·HP — 20%
  • ·Dell — 15%
  • ·Apple — 10%
  • ·Asus — 7%
  • ·Acer — 6%
  • ·Huawei — 2%
  • ·Microsoft — 0,4%
  • ·Beýlekiler — 15%

«EA çipli kompýuterler» kategoriýasynda Apple açyk lider bolup galýar. 2024-nji ýylda satylan ähli kompýuterleriň 17%-i EA tehnologiýasy bilen işleýän enjamlar boldy, şolaryň 45%-i bolsa Mac kompýuterlerine degişli boldy. Mysal üçin, iň ýakyn bäsdeşleri Lenovo we HP bu kategoriýada bary-ýogy 12%-lik bazar paýyny eýelediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.