UEFA “Mançester Siti” bilen bolan oýunda janköýerleriň özüni alyp barşy üçin “Reala” jerime saldy

02.03.2025, 21:4314,668

UEFA Çempionlar ligasy wagtynda “Mançester Sitä” garşy oýunda janköýerleriniň kemsidiji hereketleri üçin “Reala” 30 000 ýewro jerime saldy.

Jikme-jiklikleri aýan edilmedi, ýöne 19-njy fewralda “Santýago Bernabeu” stadionynda iňlis klubyna garşy geçirilen oýunda jynsparazlyk şygarlarynyň eşidilendigi aýdylýar.
“Real” bu oýunda 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy we jemi 6:3 hasabynda Çempionlar ligasynyň 16-njy tapgyryna çykdy. UEFA şertli temmini berdi: eger şuňa meňzeş ýagdaý ýene gaýtalansa, klub indiki öý oýnunda münberleri bölekleýin ýapmaly bolar.
“Real” 1/8 finalda “Atletiko” bilen oýnar. Ilkinji duşuşyk 4-nji martda, jogap duşuşygy 12-nji martda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.