Forbes iň köp girdeji gazanan golliwudly aktýorlaryň sanawyny hödürledi

03.03.2025, 04:557,817

“Forbes” neşiri 2024-nji ýylda Golliwudyň iň köp girdeji gazanan aktýorlarynyň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny geçen ýyl 88 mln dollar gazanan Dueýn Jonson eýeledi.

Jonson 2020-nji ýylyň reýtinginde-de öňdebaryjy bolupdy – şonda ol ýarym million az gazandy. Aktýor derejäni durnukly saklaýar. Neşiriň redaktorlary 2024-nji ýylda aktýora birinjiligi gazanmaga “Moana 2-niň” we beýleki taslamalaryň reliziniň hem kassa ýygymlarynyň kömek edendigini belleýär.
Aktrisalaryň arasynda Nikol Kidman has köp gazandy ($31 mln), ýöne umumy onlukda ol sekizinji orunda ýerleşdi:

  1. Dueýn Jonson ($88 mln)
  2. Raýan Reýnolds ($85 mln)
  3. Kewin Hart ($81 mln)
  4. Jerri Saýnfeld ($60 mln)
  5. Hýu Jekman ($50 mln)
  6. Bred Pitt ($32 mln)
  7. Jorj Kluni ($31 mln)
  8. Nikol Kidman ($31 mln)
  9. Adam Sendler ($26 mln)
  10. Uill Smit ($26 mln)

Ondan öňki ýylyň sanawynda birinji orny Adam Sendler (73 mln) eýeläpdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.