Xiaomi «Pad 7 Pro» we «Pad 7» planşetlerini dünýä bazaryna çykardy: bahalary €400-dan başlaýar

04.03.2025, 21:432,174
1 / 5

Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Pro we Pad 7 planşetlerini dünýä bazaryna hödürledi. Olar Hytaýda geçen ýylyň oktýabr aýynda tanyşdyrylypdy.

Iki enjam hem 11,2 dýuýmlyk 3K displeý bilen üpjün edilen. Onuň durulygy 3200×2136 piksel bolup, täzeleniş ýygylygy 144 Gs-e çenli ýetýär. Şeýle-de HDR10 we Dolby Vision goldawy bar. Täze planşetler «TÜV Rheinland Low Blue Light» sertifikatyna eýe, ýagny olar gözüň görejini goramak üçin ýörite tehnologiýa bilen üpjün edilen.

«Pad 7 Pro» modeli Adreno 750 grafiki kartasy bilen, sekiz ýadroly Snapdragon 8s Gen 3 prosessory esasynda işleýär. Ýat wariantlary: 8/256 GB we 12/512 GB. Kameralar: 32 MP öňdäki kamera we 50 MP esasy kamera (4K wideo ýazga almak ukyby bilen). Enjamda dört sany Dolby Atmos dinamikasy, şeýle-de Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.4 goldawy bar. Batareýasy 8850 mA·sag sygymly bolup, 67 Wt çalt zarýad alşy goldaýar (doly zarýadlanmak üçin 79 minut gerek).

«Pad 7» modeli Adreno 732 grafiki kartasy bilen, Snapdragon 7+ Gen 3 prosessory esasynda işleýär. Ýat wariantlary: 8/128 GB we 8/256 GB. Kameralar: 8 MP öňdäki kamera we 13 MP esasy kamera. Batareýasynyň sygymy 8850 mA·sag, emma zarýad alyş tizligi 45 Wt (doly zarýadlanmak üçin 103 minut gerek).
Iki model hem HyperOS 2 interfeýsinde işleýär we Xiaomi HyperAI emeli aň funksiýalaryny hem-de HyperConnect integrasiýasyny goldaýar. Şeýle-de goşmaça aksessuarlary bar: Xiaomi Focus klawiaturasy we Xiaomi Focus Pen stilusy.
Iki planşet hem gök, çal we ýaşyl reňklerde elýeterli.

Bahalary:

  • Xiaomi Pad 7 Pro:
    • 8/256 GB – 499,90 ýewro
    • 12/512 GB – 599,90 ýewro
    • Ýalpyldamaýan ekranly 12/512 GB wersiýasy – 649,90 ýewro
  • Xiaomi Pad 7:
    • 8/128 GB – 399,90 ýewro
    • 8/256 GB – 449,90 ýewro
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.