Tramp ABŞ-nyň hökümetiniň täze «şatdaunyna» garaşylýandygyny duýdurdy

Düýn, 11:446,952

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp býujetiň töweregindäki agzalalyklar sebäpli eýýäm sentýabr aýynda ýurduň federal hökümetiniň işiniň gaýtadan togtadylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy.

Ol bu hakda Jorjiýa ştatynda öz tarapdarlarynyň öňünde çykyşynyň barşynda: «Sentýabr aýynda hökümetiň işi wagtlaýyn togtadylar» diýip, belläp geçdi.

Ak tamyň baştutanynyň sözlerine görä, ähtimal meseläniň döremegine esasy sebäp respublikaçylar bilen demokratlaryň arasynda býujet meseleleri boýunça dowam edýän agzalalyklardyr. Federal edaralaryň häzirki maliýeleşdiriliş möhleti 30-njy sentýabrda tamamlanýar. Eger-de Kongres 1-nji oktýabra çenli täze býujeti kabul etmese, döwlet edaralarynyň bir bölegi işini togtadyp biler.

Tramp şeýle hem býujet baradaky kanun taslamalaryny ýönekeý ses köplügi bilen kabul edip bolar ýaly, Senatda filibaster (sözi örän uzaldyp mejlisi bökdemek) düzgüninden ýüz öwürmäge çagyrdy. Mundan başga-da, ol býujeti saýlaw ulgamyny özgermäge gönükdirilen SAVE America Act kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrmagy talap edýär.

Wekiller palatasy hökümeti maliýeleşdirmegi 4-nji dekabra çenli wagtlaýyn uzaltmak baradaky kanun taslamasyny eýýäm makullady, ýöne Senatda bu başlangyç heniz zerur bolan goldawy alyp bilmedi.

Amerikan hökümetiniň öňki «şatdauny» 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda başlap, 43 güne çekipdi. Ol ABŞ-nyň taryhynda iň uzak dowam eden şeýle ýagdaý boldy. Muňa baglylykda, amerikan býujetiniň bir aýlyk defisiti 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijä — 284,35 milliard dollara ýetdi, amerikan harby gullukçylary bolsa wagtlaýynça zähmet hakyndan kesilmek töwekgelçiligine duçar boldular.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.