"Sygyr eti" lakamly öküz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň boýy 1,95 metre ýetýär

07.03.2025, 06:4315,974
1 / 4

Kanadaly Žasmin Ensiň öküzi dünýäde boýy iň beýik öküz diýlip yglan edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda onuň boýunyň haýran galdyryjy 1,95 metrdigi, agramynyň bolsa 1100 kilograma ýetýändigi resmi taýdan hasaba alyndy.

Žasmin lakam dakmakda o diýen ökde bolmansoň, öz malyny Bif (iňl. Beef – sygyr eti) diýip atlandyrdy.
Ölçeglerini alansoň, Ginnesiň Rekordlar kitabynyň hünärmenleri resmi ölçegleri öz sowalnamalaryna ýazdylar:

  • Lakamy: Bif
  • Ýaşy: 7 ýaşly
  • Beýikligi: 1,95 metr
  • Agramy: 1133,9 kg
  • Häsiýeti: dostana

Žasmin eýerläp münmek üçin öküz gözläp ýörkä Bifiň üstünden barýar. Iki ýaşyndaka ony eýerläp başlaýarlar, ýöne bir tomus mala şikes ýetipdir. Idedilip ýörkä öküz şeýle bir ulalypdyr welin, oňa laýyk eýer tapylmandyr. Şondan bäri ol fermada bikär ýaşaýar. Bif diňe ot iýýär. Ol her aý 45 kg-dan gowrak ýorunja iýýär. Üstesine, ol yzygiderli meýdana-da goýberilýär, şonda näçe iýip-içýäni hem hasaba alynmaýar.
Äpet göwresine garamazdan, Žasmin oňa käte eýersiz münüp aýlanýar. Biff kädi berseler we gulaklarynyň arkasyny gaşasalar gowy görýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.