19-njy martdan Awtokombinat - Türkmeniň Ak öýi - Awtokombinat ugry boýunça 72-lik awtobus gatnap başlar

15.03.2025, 07:5711,821

"Türkmenawtoulaglary" agentligi Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde ilatyň ulag gatnawlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 19-njy martdan başlap 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi —Awtokombinat» şäherýaka awtobus gatnaw ugruny ýola goýar. 

Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriler.
Raýatlar goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilerler: +99361493495; 44-35-20.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.