Spotify aýdymçylara 10 mlrd dollar möçberde rekord töleg töledi

16.03.2025, 11:332,783

2024-nji ýylda Spotify aýdym-saz pudagynyň wekillerine rekord 10 mlrd dollar töleg töledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu taryhda bir aýdym-saz platformasy tarapyndan tölenen iň uly mukdardyr.

Hasabata görä, 1500 töweregi artist Spotify-dan 1 mln dollardan gowrak möçberde töleg aldy, şolaryň 80%-iniň hatda top-çartlara girýän ýekeje aýdymy hem ýok. 200-den gowrak aýdymçy 5 mln dollardan gowrak gazandy.
Bi-bi-siniň belleýşi ýaly, hasabat tölegiň paýlanyşy bilen bagly jedelleriň esasynda hödürlendi. Spotify-yň wekili kompaniýanyň bu pullary gönüden-göni ýerine ýetirijilere we aýdymlaryň awtorlaryna tölemeýändigini aýtdy.

“Spotify pullary artistlere ýa-da aýdym awtorlaryna göni tölemeýär. Biz bu serişdeleri hukuk eýelerine, ýagny ses ýazýan leýbllere, aýdym-saz çykaryjylara we köpçülikleýin hukuk dolandyryş guramalaryna geçirýäris. Soňra bu hukuk eýeleri pullary artistlere we aýdym awtorlaryna öz şahsy şertnamalaryna laýyklykda töleýär” – diýip, kompaniýada bellenildi.

2021-nji ýylda Beýik Britaniýanyň parlamenti aýdymçylaryň bir stimiň umumy bahasynyň ortaça 16%-ini alýandygyny anyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.