Dinozawrlar 140 million ýyl ozal Keýptaunyň töwereklerinde yz galdyrypdyrlar

18.03.2025, 02:475,399
1 / 2

Günorta Afrikanyň Günbatar-Kap prowinsiýasynda dinozawrlaryň 140 million ýyllyk yzlary tapyldy. Bular bu sebitden tapylan ilkinji şuňa meňzeş tapyndydyr we yklymyň günortasynda dinozawrlaryň iň "ýaş" yzlarydyr.

Tapyndy baradaky makala Gaý Plint we Çarlz Helm tarapyndan The Conversation neşirinde çap edildi.
2008-nji ýyldan bäri sebitde pleýstosena (2,6 million – 11 700 ýyl ozal) degişli oňurgalylaryň 370-den gowrak yzy resminamalaşdyryldy. Emma bu yzlar zauropodlara – ot iýýän iri dinozawrlara, ähtimal, ornitopodlara degişlidir.

“Bu kenaryň ugrunda mezozoý döwrüniň  çökündi jynslarynyň bardygyny bilýärdik, olaryň käbiri deňze degişli bolmadyk gatlaklary özünde saklaýar we olaryň düzüminde dinozawrlaryň yzlary bolup biljekdi "- diýip, barlagçylar ýazýarlar.

Yzlar derýanyň gelip guýýan çet  zolaklarynda tapyldy, ol ýerlerde dinozawrlar çägeli ýalpaklykdan we ýumşak palçykdan ýöräp geçipdirler. Alymlar yzlaryň, takmynan, 140 million ýyllykdygyny kesgitlediler, olar hek asyry döwrüniň başyna degişlidir. Afrikanyň we Günorta Amerikanyň tektoniki plitalary şol döwür biri-birinden bölünip başlapdyr.

 Bu tapyndy Günbatar-Kap prowinsiýasynda ilkinji we Afrikanyň günortasyndan tapylan dinozawr yzlarynyň içinde iň ýaşy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.