Jordan Terrelliň «I AM MUSIC» albomy 2025-nji ýylda Spotify-da bir günde iň köp diňlenen albom boldy

18.03.2025, 23:351,717

Repçi Jordan Terrell Karteriň «I Am Music» atly täze albomy 2025-nji ýylda Spotify platformasynda bir günüň dowamynda iň köp diňlenen albom boldy. Şol bir wagtda, platforma albomyň anyk näçe gezek diňlenendigini mälim etdi.

Albom 14-nji martda çykdy diýip, «Billboard» habar berýär.
«I Am Music» – amerikaly repçiniň üçünji studiýa albomy bolup durýar. Onda jemi 30 sany aýdym bar. Şeýle-de onda köp sanly meşhur ýyldyzlar çykyş etdi – Kendrik Lamar, The Weeknd, Trewis Skott, Jenni Aýko, Skepta, Future, Lil Uzi Vert, Ty Dolla Sign we Young Thug.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.