1930-1969-njy ýyllaryň Looney Tunes klassyky multfilmleri Max platformasyndan aýryldy

20.03.2025, 11:082,985

1930-1969-njy ýyllarda çykan Warner Bros. Discovery kompaniýasyna degişli gysga metražly original multifilmleriň ählisi  Max platformasyndan aýryldy diýip, «Deadline» neşiri habar berýär.

Original Looney Tunes multfilmleri indi elýeterli bolmasa-da, platformada käbir täze çykan bölümleri galdy. Olaryň arasynda şular bar:

  • Looney Tunes Cartoons (2020) – 6 möwsüm;
  • New Looney Tunes (2015) – 2 möwsüm (tutuş 3-nji möwsüm we 1-nji möwsümiň käbir bölümleri ýok);
  • Baby Looney Tunes (2002) – 2 möwsüm;
  • Looney Tunes Presents: Bugs and Daffy’s Thanksgiving Road Trip (2021) – 4 sany podkast bölümi;
  • Tiny Toons Looniversity (2023) – 2 möwsüm we 42 minutlyk aýratyn bölüm Tiny Toons Looniversity: Spring Break (emma gyşda çykan aýratyn bölümi elýeterli däl);
  • The Sylvester and Tweety Mysteries (1995) – 5 möwsüm;
  • Bugs Bunny Builders (2022) – 2 möwsüm.

Şeýle-de ýatlatsak, geçen ýyl Warner Bros. Discovery «Cartoon Network-yň» resmi web sahypasyny ýapypdy we esasan klassyky multfilmleri görkezýän «Boomerang» kanalynyň işini bes edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.