“Täsin zenan” filminden Gal Gadot Golliwudyň “Şöhrat alleýasyndan” ýyldyz aldy

21.03.2025, 12:1511,143
1 / 3

Ysraýylly aktrisa Gal Gadot Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” öz adyny ýazdyrdy. Dabara 18-nji martda geçirildi diýip, Variety habar berýär.

Gadot DC kinokomikslerinde Täsin zenanyň keşbi bilen bellidir. Şeýle-de, ol “Forsažyň” birnäçe bölümine, “Nildäki ölüm” (Смерть на Ниле, 2022), “Stounyň ýüregi” (Сердце Стоун, 2023) we  “Garpamyk” (Белоснежка, 2025) ýaly filmlere gatnaşdy.
Dabara 39 ýaşly aktrisa öz maşgalasy – adamsy Jaron Warsano we gyzlary: 13 ýaşly Alma, sekiz ýaşly Maýa, üç ýaşly Daniella we bir ýaşly Ori bilen geldi. Şeýle-de, ony goldamaga Win Dizel we režissýor Petti Jenkins geldi.
Gadot Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alan taryhda ilkinji ysraýylly aktrisa boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.