Windows 11-de birnäçe uly täzelenme peýda bolar

28.03.2025, 05:42946

Microsoft 2025-nji ýylyň aprel aýynda, korporasiýanyň esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygy mynasybetli, Windows 11-de uly täzelenmeleri hödürlär. Täze funksiýalaryň esasy bölegi, elbetde, emeli aň bilen baglanyşykly bolar. Bu barada «PCWorld» neşiri habar berýär.

Iň esasy täzelikleriň biri – semantik gözleg. Bu funksiýa ulanyjylara takyk sözleri (mysal üçin, faýlyň adyny, formatyny, senesini we ş.m.) ýazmazdan, diňe düşündirmek arkaly gözleýän zatlaryny tapmaga ýardam berer. Bu aýratynlyk ilki bilen Snapdragon X Elite çipli kompýuterlerde elýeterli bolar.
Şeýle hem «Ýolbeletde» (Проводник) emeli aň arkaly surat gözlemek mümkinçiligi peýda bolar. Ulanyjylar suratdaky mazmuny düşündirip, gözleg edip bilerler. Şeýle-de «OneDrive-da» saklanylýan suratlar hem gönümel «Ýolbeletde» görkeziler.
Microsoft-yň emeli aň tehnologiýasy wideolary häzirki wagtda (real-time) terjime etmek we subtitr döretmek funksiýalaryny hem hödürlär. Häzirki wagtda bu funksiýa arkaly 44 dili iňlis diline terjime edip bolýar.
Sesli dolandyryş hem kämilleşdiriler – indi buýruklaryň sözlerini takyk bilmek hökman däl, nämäniň ýerine ýetirilmelidigini düşündirmek ýeterlik.
Windows 11-i dolandyrmak hem aňsatlaşar:

  • Täze «ýazmaçlar» ulgamy kompýuteriň esasy häsiýetnamasy, şol sanda prosessory, wideokartasy, RAM-y we içerki ýady baradaky maglumatlary görkezer;
  • «Meseleler dispetçerinde» (Диспетчер задач) prosessoryň ýüklenmesini yzarlamak ulgamy täzelener;
  • Xbox geýmpady arkaly tekst ýazmak mümkinçiligi peýda bolar;
  • «Windows + nokat» utgaşmasyndan köp sanly ulanyjynyň bihabardygy sebäpli, emodzi menýusy ulgamyň treýine (системный трей) aýratyn nyşan hökmünde ýerleşdiriler;
  • Gulplanan ekranda (Экран блокировки) has kämilleşdirilen widjet dolandyryşy elýeterli bolar.

Bu üýtgeşmeler Microsoft-yň emeli aň babatynda täze sepgitlere ýetmek üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.
Korporasiýa 4-nji aprelde täzelenmeler barada has giňişleýin maglumat berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.