Oppo-dan birinji aprel degişmesi: brend Rubigiň kubigi şekilindäki smartfony anons etdi

03.04.2025, 08:475,463
1 / 2

1-nji aprelde köp kompaniýalar dürli görnüşli degişmeleri hödürleýär we Oppo kompaniýasy hem şolaryň biri boldy. Hytaý brendi Rubigiň kubigi şekilinde X3 smartfonyny “anons etdi”.

Beýana görä, gurluş her tarapda 9 sany, umuman, 54 programma nyşanyny görkezip bilýän aýlanýan displeýe eýe boldy. Oppo bu degişmä çynlakaý çemeleşip, hatda önümçilik barada ýörite metbugat relizini hem hödürledi. Onda gajetiň bahasy-da görkezilýär - $333.
Degişme anonsy internet torunda çekeleşikli gürrüňlere getirdi. Bu degişme bolsa-da, kim bilýär, belki geljekde şeýle gurluşlar, hakykatdanam, bazarda peýda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.