Jeýson Momoa “Alaň 3-de” Dunkan Aýdahonyň keşbine gaýdyp geljekdigini tassyklady

04.04.2025, 11:082,642

Jeýson Momoa öz personažynyň birinji filmde heläk bolandygyna garamazdan, “Alaň 3-e” gaýdyp geljekdigini habar berdi. Bu barada ol “Today” şüweleňiniň ýaýlymynda aýtdy.

“Eger siz kitaplary okamadyk bolsaňyz, bu meniň günäm däl, şeýle dälmi? Şonuň üçin, hawa, men üçünji filmde gaýdyp gelerin. Siz muny ilkinji bolup eşitdiňiz” diýip, aktýor aýtdy. Ol bu ýagdaýy “Tagtlaryň oýnunyň” surata düşürilişinde bolup geçen waka bilen deňeşdirdi.

Film Frenk Gerbertiň “Alaň halasgäri” (1969) romanynyň adaptasiýasy bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.