“Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň täze möwsümi 2026-njy ýylda çykar

07.04.2025, 00:233,394

“Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň başynda çykar. Bu maglumatlar bilen Tof Beýfongyň keşbini ýerine ýetiren aktrisa Miýa Çeh The Direct-yň žurnalistleri bilen paýlaşdy.

Serialyň sýužeti tebigatyň dört elementine: suwa, oda, ýere we howa erk edýän 12 ýaşly Aang barada gürrüň berýär. Ol dostlary bilen bilelikde ýüzýyllyk urşuň sebäbi bolan ot hojaýynyna garşy göreşýär.
Serialyň birinji möwsümi 2024-nji ýylyň fewralynda Netflix-de çykdy. Baş keşpleri Deniel De Kim (“Diri galmak”), Ken Lýun (“Rush Hour”), Pol Li (“Mandalorly”) we beýlekiler ýerine ýetirdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.